Biz barada

Biz barada

Biz kim?

Ýaş zehinler bolup jemlendik. Kämillik basgançagyna dyrmyşmagy maksat edindik. Gezdik we Dünýä tejribesini öwrendik. Halkara tejribämizi milliligimiz bilen ýuwurdyk. Her tutan maksadymyzyň netijesiniň ýokary "HILLI" bolmagyny hemme zatdan ýokarda goýduk. Netijämize halkymyzyň beren ýokary "HILLI" bahasyna esaslanyp "HILLI" brendimizi döretdik.

"HILLI" brendi bilen häzirki ýagdaýda 15 görnüşli azyk önümçiligini amala aşyrýarys. Öndürýän önümlerimiz ýurdumuzyň içki bazarynda öz hili we amatly bahasy bilen esasy oruna eýe. Geljek günlerde öndürýän önümlerimiziň halkara bazarda hem öz ornuny tapmagy üçin meýilnamalar taýýarlaýarys.

Önümçilik sehimizde dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrylan. Azyk önümçiligimiziň hilini we standardyny ýokary derejede saklamak üçin labaratoriýa bölümimiz işleýär. Öndürýän önümçiligimiziň çyg malyndan başlap, önümçilik we gaplama prosessinde, dükan tekjelerine ýerleşmeginde we soňky alyja baryp ýetmeginde gigiýenanyň ähli şertlerini doly üpjin edýäris.

Önümçilik sehlerimizimiz ýurdymyzyň Mary welaýatynda ýerleşýär

Hilli